Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Emma Hudaýyňyz Reb ähli tireleriň arasynda Özüne ybadat edilmegi üçin ýer saýlar we siz şol ýeri gözläp taparsyňyz. Siz ol ýere baryň, onda dawagärleriň ikisi hem Rebbiň huzuryna, şol döwürde hyzmat edýän ruhanylaryň we kazylaryň huzuryna barsyn. Şeýle hem Ýehoşapat Iýerusalimde Rebbiň adyndan höküm çykarmak üçin we dawalary çözmek üçin lewilerden, ruhanylardan we Ysraýyl tirelerinden baştutanlar belledi. Olar şäherde ýaşadylar. Olar dawada kazy hökmünde çykyş edip, Meniň hökümlerim boýunça karar çykararlar; ähli baýramlarymyň kada-kanunlaryny we parzlarymy, mukaddes Sabat günümiň kanunlaryny ýerine ýetirerler.
Выбор основного перевода