Siziň we sizden soňky nesilleriňiziň gowy günler görmekleri üçin, bu gün meniň üstüm bilen Onuň size berýän parzlaryny we tabşyryklaryny berjaý ediň. Şonda Hudaýyňyz Rebbiň size ebedilik berýän ýerinde uzak wagtlap ýaşarsyňyz».
Musa halka: «Şonuň üçin hem indi siz Hudaýyňyz Rebbiň buýruşy ýaly ýerine ýetirmekde gaty seresap bolmalysyňyz. Olardan saga-da, çepe-de gyşarmaň.