Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men hakykatdanam seni ýalkap, seniň nesliňi asman ýyldyzlarydyr deňiz ýakasynyň çägeleri deý köpelderin. Seniň nesliň öz duşmanlaryndan üstün çykar. Onsoň Reb Musa: «Rebbiň gahar-gazaby Ysraýyldan sowlar ýaly, halkyň ähli ýolbaşçylaryny getirip, olary öldürip, Günüň astynda ser» diýdi. Reb sizi söýer, ýalkar we köpelder. Ol ata-babalaryňyza wada eden ýurdunda siziň örňäp ösmegiňize, ýeriňizden alynýan önüme, dänäňize, şerabyňyza we ýagyňyza, şeýle hem, mal-garalaryňyzyň köpelmegine, sürüleriňiziň sanynyň artmagyna bereket berer. diňe şonda Hudaýyňyz Reb size öňki abadançylygyňyzy gaýtaryp berer we rehim-şepagat eder. Hudaýyňyz Reb sizi dargadyp goýberen başga halklarynyň içinden ýene-de yzyňyza ýygnar. Altyn-kümüşden, misden we demirden ýasalan ähli gap-gaçlar Rebbe bagyş edilendir. Olar Rebbiň gaznasyna goýulmalydyr». Akanyň üstünde uly daş üýşmegi emele geldi. Ol biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Diňe şondan soňra Rebbiň gahar-gazaby köşeşdi. Şonuň üçin ol ýer şu günler hem Akor jülgesi diýlip atlandyrylýar.
Выбор основного перевода