Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýeriho galasyna içaly bolup baranlary gizläp saklandygy üçin, Rahaby we onuň dogan-garyndaşlaryny Ýeşuwa diri galdyrdy. (Onuň nesilleri şu günki gün hem ysraýyllaryň arasynda ýaşaýarlar.) Şeýlelikde, Ýeşuwa Aý galasyny oda ýakdy we ony tä şu günlere çenli ömürlik harabaçylyga öwürdi. Reb şeýle diýýär: «Ýakubyň çadyrlarynyň abadançylygyny dikelderin, onuň ýaşaýan mesgenlerine rehim ederin. Şäher öz depelerinde bina ediler, berk gala öz ýerinde oturdylar. Reb şeýle diýýär: «Ammonlaryň Raba şäherine uruş nagralaryny eşitdirjek günlerim geler. Raba bir harabaçylyk üýşmegi bolar, obalary oda ýakylar. Onsoň Ysraýyl özüni eýelänleri eýelär. Muny Reb aýdýandyr.
Выбор основного перевода