Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hudaýyňyz Reb siziň üçin öz halkyňyzyň arasyndan meniň ýaly pygamber çykarar. Siz şol pygambere gulak asyň. Horep dagynda üýşen günüňiz, siz Hudaýyňyz Rebden haýyş edip: „Hudaýymyz Rebbiň sesini mundan artyk eşitmäli we bu beýik ody indi görmäli, ýogsam biz öleris“ diýipdiňiz. Reb maňa: „Olaryň aýdýanlary dogry. Men olar üçin öz halkynyň arasyndan seniň ýaly pygamber çykararyn. Meniň buýran zatlarymyň ählisini halka aýdar ýaly, Men sözlerimi pygamberiň agzyna salyp bererin. Kimde-kim Meniň adymdan sözleýän pygamberiň sözlerine gulak asmasa, ol adam bilen Meniň Özüm hasaplaşaryn. Emma başga hudaýlaryň adyndan sözleýän pygamber ýa-da Meniň buýurmadyk zadymy, hyýanatçylyk edip, Meniň adymdan sözleýän pygamber ölüme höküm ediler“ diýdi. Siz öz-özüňize: „Biz Rebbiň aýtmadyk sözüni nädip bileli?“ diýersiňiz. Eger bir pygamber Rebbiň adyndan sözlän bolsa, ol iş hem başa barmasa ýa-da hakykata öwrülmese, ol söz Rebden däldir. Ony pygamberiň özi toslap tapandyr, siz ol pygamberden gorkmaň.
Выбор основного перевода