Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eger siz Meniň parzlaryma eýerip, tabşyryklarymy saklap, olary ak ýürekden berjaý etseňiz, Men siziň ýerleriňize gerek wagtynda ýagyş ýagdyraryn. Ýer hasyl berer, meýdan agaçlary-da miwe getirer. öz gazanmadyk harytlaryňyzdan doly öýlerden, öz gazmadyk guýularyňyzdan, öz oturtmadyk üzüm we zeýtun baglaryňyzdan ybaratdyr. Siz olardan iýip doýanyňyzda, Reb Özüniň baý hazynasy bolan asmany açyp, ýeriňize wagtynda ýagyş ýagdyrar we başyna baran her bir işiňizde bereket berer. Siz köp halklara karz berersiňiz, emma özüňiz hiç kimden karz almarsyňyz. Ynsanlar, mallar toprakdan azygyny edinsin diýip, olar üçin galla, otlar ösdürýäň: Reb jogap berip, diýdi halkyna: «Ine, Men size iberýän: gallany, şeraby, zeýtun ýagyny. Doýup-ganyp iýersiňiz olardan. Mundan beýläk milletler arasynda Men sizi etmerin indi masgara. Eý, Sion perzentleri, begeniň, Beýik Hudaýyňyzda şatlanyň! Çünki adalat üçin, Ol güýz ýagşyny ýagdyrdy; Ol size bolelin ýagşy eçildi. Ozal bolşy ýaly ýagdyrdy, güýz hem-de ýaz ýagyşlaryny.
Выбор основного перевода