Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Musa eline Äht ýazylan iki sany ýasy daş bölegini alyp, Sinaý dagyndan aşak düşdi. Ol dagdan aşak inip gelýärkä, Hudaý bilen gepleşendigi üçin, onuň ýüzi nur saçýardy. Mundan onuň özi hem bihabardy. Ol Äht ýazgysyny alyp, sandygyň içinde goýdy we sandygyň syryklaryny dakyp, onuň üstüniň gapagyny ýapdy. Sandygyň içinde Musanyň goýan iki sany kanun ýazylan daş böleginden başga hiç zat ýokdy; Musa bu iki daş bölegini ysraýyl halky Müsür ýurdundan çykandan soň, Rebbiň olar bilen äht eden ýeri bolan Horep dagynda sandyga salypdy.
Выбор основного перевода