Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Reb hudaýlaryň Hudaýydyr! Reb hudaýlaryň Hudaýydyr! Ol bilýändir, goý, ysraýyl halky hem bilsin: eger biz Rebbe boýun egmezlik ýa-da dönüklik eden bolsak, siziň bu gün bize rehimiňiz inmesin! Rebbiň gorkusy siziň üstüňizde bolsun. Işiňizde ägä boluň. Hudaýymyz Rebde adalatsyzlyk, ýüz görmeklik ýa-da para almaklyk ýokdur». Eý, ähtini we sadyk söýgüsini saklaýan Hudaýymyz! Beýik, gudratly hem haýbatly Hudaý! Aşur patyşalarynyň döwründen tä şu güne çenli patyşalarymyzyň, baştutanlarymyzyň, ruhanylarymyzyň, pygamberlerimiziň, ata-babalarymyzyň, Seniň halkyň bolan biziň başymyzdan inen jebir-jepalar Seniň gözüňe az görünmesin. Han-beglerden ýüz görmeýär, baýy garypdan ýokary tutmaýar, çünki hemmeler Onuň eliniň ýaradanydyr. Hudaýlar Hudaýyna şükür ediň, Onuň söýgüsi baky. Taňrylar Taňrysyna şükür ediň, Onuň söýgüsi baky. Patyşa Danyýele: «Sen bu syry açyp bildiň. Hakykatdan-da, seniň Hudaýyň hudaýlaryň Hudaýy, patyşalaryň Taňrysy we syrlary aýan edýän Hudaýdyr» diýdi. Şonda Petrus söze başlap, şeýle diýdi: «Men, hakykatdan-da, Hudaýyň hiç kime tarapgöýlik etmeýändigine göz ýetirdim. sebäbi Hudaý ýüz görýän däldir. Ýygnagyň ýolbaşçylary meniň wagyz edýän Hoş Habaryma hiç zat goşmadylar. (Olar kim bolsalar-da, maňa parhy ýok, sebäbi Hudaý adamyň daş keşbine garamaýar!) Eý, hojaýynlar, siz hem gullaryňyza edil şu tärde serediň, olary gorka salmaň, sebäbi olaryň hem, siziň hem gökde Hojaýynyňyzyň birdigini bilýänsiňiz. Ol hiç kime tarapgöýlik etmeýär. Onuň donunda we budunda «ŞALARYŇ ŞASY, TAŇRYLARYŇ TAŇRYSY» diýen at ýazylgydy.
Выбор основного перевода