Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4
Параллельные места
Eger ol adam doganynyň dul galan aýalyna öýlenmek islemese, dul aýal gala derwezesiniň agzyna ýaşulularyň ýanyna gelip: „Meniň ärimiň dogany öz agasynyň adyny Ysraýylda galdyrmakdan ýüz öwürýär. Ol doganynyň deregine meniň üçin ärlik borjuny berjaý etmeýär“ diýsin. Soňra galanyň ýaşululary merhumyň doganyny çagyryp, onuň bilen gepleşsinler. Eger ol şonda-da öz diýenini tutup: „Men oňa öýlenmek islemeýärin“ diýse, onda doganynyň aýaly ýaşulularyň gözüniň alnynda onuň ýanyna baryp, onuň aýagyndaky çepegini çykaryp, onuň ýüzüne tüýkürsin we oňa: „Öz doganynyň öýüni dikeltmeýän adama, ine, şeýle edýärler“ diýip, muny jar etsin. Bütin Ysraýylyň içinde onuň nesli „çepegi çykarylan öý“ hökmünde belli bolsun.
Выбор основного перевода