Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4
Параллельные места
Emma Rut: «Seni terk edip ýanyňdan gitmegi menden haýyş etme. Sen nirä gitseň, menem şol ýere gitjek. Sen nirede bolsaň, menem şol ýerde boljak. Seniň halkyň – meniň halkym, seniň Hudaýyň meniň Hudaýym bolar. Sen nirede ölseň, men-de şol ýerde ölüp, şol ýerde jaýlanjak. Eger-de ölümden başga zat meni senden aýyrsa, onda, goý, Reb maňa mundan hem beterini görkezsin» diýdi. Bowaz oňa: «Seniň adamyň ölenden soň, öz gaýyneneňe eden ýagşylyklaryň barada hemme zat maňa mälim. Sen ene-ataňy, dogduk mekanyňy taşlap, hiç bir tanamaýan halkyň arasyna gelipsiň. Eden ýagşylyklaryň Rebden gaýtsyn! Seniň pena tapynan Rebbiň, Ysraýyl Hudaýy sylagyňy bersin!» diýip jogap berdi. Äri oňa: «Hanna, sen näme üçin aglaýaň, näme üçin hiç zat iýmeýäň, näme üçin beýle hasrat çekýäň? Seniň üçin men on oguldan-da artyk dälmi näme?!» diýdi.
Выбор основного перевода