Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4
Параллельные места
Aga-ini bile ýaşaýan bolsa, olaryň biri ölse we onuň hem ogly ýok bolsa, ol merhumyň aýaly başga bir kesekä äre gitmesin. Ol öleniň dogany onuň ýanyna girip, oňa öýlenmelidir we oňa doganynyň ärlik borjuny ýerine ýetirmelidir. Ol aýalyň dogran ilkinji oglunyň adyna ölen doganynyň adyny daksyn. Şonda ol merhumyň ady Ysraýyldan öçüp gitmez. Bu gije sen şu ýerde ýat, ertir ol saňa hossar çyksa çykar, bolmasa-da, men özüm saňa hossarlyk ederin, Rebbiň barlygynda muňa ant içýärin! Ertire çenli sen şu ýerde boluber» diýdi. Şeýle hem merhumyň ady öz mirasynyň üstünde berkarar bolup, doganlarynyň arasynda, dogduk mekanynda onuň ady ýitmez ýaly, Mahlonyň aýaly, mowaply Ruty men özüme aýallyga alýaryn. Siz muňa şaýatsyňyz» diýdi.
Выбор основного перевода