Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4
Параллельные места
Olar oturyp, bile iýip-içdiler. Aýalyň kakasy öz giýewsine: «Ýene bir gün gal, keýpiňi sazla» diýdi. Ol adamyň özi, gyrnak aýaly we hyzmatkäri gitmekçi bolup ýerlerinden turanda, aýalyň kakasy giýewsine: «Seret, Gün ýaşyp, agşama golaýlap barýar. Bu gije-de bu ýerde ýatyň, dem-dynjyňyzy alyp, öýüňize ertir ir bilen turup gidersiňiz» diýdi. Olar ýaňy bir ýazylyp-ýaýnanlarynda, galanyň azgyn adamlary jaýyň daşyny gabadylar. Gapyny ýumruklap, öýüň hojaýynyna: «Öýüňe gelen erkegi daşaryk çykar, biz ony zorlajak» diýip gygyrdylar. Abşalom hyzmatkärlerine şeýle buýruk berdi: «Serediň, Amnon şerapdan serhoş bolanda, men: „Amnony uruň“ diýerin. Şonda siz ony öldürersiňiz. Gorkmaň. Size muny men buýurýandyryn. Gorkmaň, mert boluň!»
Выбор основного перевода