Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4
Параллельные места
Aga-ini bile ýaşaýan bolsa, olaryň biri ölse we onuň hem ogly ýok bolsa, ol merhumyň aýaly başga bir kesekä äre gitmesin. Ol öleniň dogany onuň ýanyna girip, oňa öýlenmelidir we oňa doganynyň ärlik borjuny ýerine ýetirmelidir. Ol aýalyň dogran ilkinji oglunyň adyna ölen doganynyň adyny daksyn. Şonda ol merhumyň ady Ysraýyldan öçüp gitmez. Eger ol adam doganynyň dul galan aýalyna öýlenmek islemese, dul aýal gala derwezesiniň agzyna ýaşulularyň ýanyna gelip: „Meniň ärimiň dogany öz agasynyň adyny Ysraýylda galdyrmakdan ýüz öwürýär. Ol doganynyň deregine meniň üçin ärlik borjuny berjaý etmeýär“ diýsin. Soňra galanyň ýaşululary merhumyň doganyny çagyryp, onuň bilen gepleşsinler. Eger ol şonda-da öz diýenini tutup: „Men oňa öýlenmek islemeýärin“ diýse, onda doganynyň aýaly ýaşulularyň gözüniň alnynda onuň ýanyna baryp, onuň aýagyndaky çepegini çykaryp, onuň ýüzüne tüýkürsin we oňa: „Öz doganynyň öýüni dikeltmeýän adama, ine, şeýle edýärler“ diýip, muny jar etsin. Bütin Ysraýylyň içinde onuň nesli „çepegi çykarylan öý“ hökmünde belli bolsun. Elimelegiň kowmyndan, ýagny Nagomynyň äriniň ýakyn garyndaşlaryndan bir tanymal hem-de baý adam bardy. Onuň ady Bowazdy. Bowaz Ruta: «Diňle, gyzym, hoşa çöplemäge başga ýere gitme. Bu ýerden aýrylma, biziň gelin-gyzlarymyzyň ýanynda bol.
Выбор основного перевода