Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şonuň üçin sen: „Hudaý nämäni bilýär? Ol tüm garaňkylyk içinden höküm edip bilýärmi? Olar ýüreginde şeýle oýlaýar: «Hudaý edenlerimizi unutdy, ýüzüni sowdy, Ol asla görmeýär muny». Men arslanlaryň arasynda, wagşy haýwanlar ýaly adamlaryň arasynda ýatyryn; olaryň dişleri naýza, ok ýaly, kesgir gylyç ýaly olaryň dili. Olar dillerini gylyç kimin ýiteldýär; bigünäni bukudan atmakçy bolup, ajy sözlerini peýkam kimin çeneýär; duýman durka ony atyp, asla gorkmaýar. Dogruçylyň aňy jogap berende oýlanýandyr, erbetleriň agzy ýamanlygy sowurýandyr. Ýakynyna garşy galp şaýatlyk edýän adam gürzüdir, gylyçdyr, ýiti okdur.
Выбор основного перевода