Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şawul Dawudy ertir daň bilen öldürmek üçin, onuň öýüni garawullaň diýip, öz adamlaryny iberdi. Aýaly Mikal Dawuda: «Eger-de şu gije başyňy gutarmasaň, ertir seni öldürerler» diýdi. Şu gün gowagyň içinde Rebbiň özüňi meniň elime berendigini öz gözleriň bilen gördüň. Seni öldürmegi talap edenlerinde-de, men saňa rehim etdim. Men olara: „Öz jenabyma el galdyrmaryn, çünki ol Rebbiň Öz seçip-saýlanydyr“ diýdim. şiriň sürende bukulyşy kimin gizlenýär, garyby garbamaga buky ýerde garaşýar; duzak gurup, garyby torlaryna düşürýär. Erbetler, betkärler bilen bile meni süýreme; olar parahat gepleşýärler goňşusy bilen, emma welin pislik bar ýüreklerinde. Eý, Hudaý, erbet adamlary Sen ýok etsediň! Eý, ganhorlar, aýrylyň menden!
Выбор основного перевода