Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Lal bolup, ümsümligi bozmadym, hatda ýagşy zatlary-da aýtmadym; emma beterledi meniň agyrym. Lal bolup, açmaýaryn agzymy, çünki Sen etdiň muny. Oňa sütem edildi, ol ejir çekdi, emma şonda-da agzyny açmady. Soýulmaga äkidilip barýan guzy dek, gyrkymçynyň öňündäki sessiz goýun dek, hiç agzyny açmady ol. Ýolbaşçy ruhanylar bilen ýaşulular Ony aýyplanlarynda, Ol hiç hili jogap bermedi. Onuň Mukaddes Ýazgylardan okap oturan ýeri, ine, şudy: «Soýulmaga äkidilip barýan goýun dek, gyrkymçynyň öňündäki sessiz guzy dek, Ol hiç agzyny açmady. Ol sögülende sögmedi, ejir çekende hiç kime howp salmady. Muňa derek Özüni adyl höküm çykarýan Hudaýa tabşyrdy.
Выбор основного перевода