Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şimgi: «Güm bol! Güm bol! Ganhor, deýýus! Ýerine şa bolan adamyň Şawulyň garyndaşlarynyň tutuş ganyny Reb senden aldy. Ol şalygy ogluň Abşaloma berdi. Görýäňmi, öz pisligiňiň pidasy bolduň, sebäbi sen ganhor» diýip garganýardy. Gilgatda ýaşaýan tişbeli Ylýas Ahaba şeýle diýdi: «Men özümiň gulluk edýän Ysraýyl Hudaýy Rebden ant içýärin. Tä men buýruk berýänçäm, ýurtda iki-üç ýyllap ne çyg bolar, ne-de ýagyn». «Bu ýerden gündogara git-de, Iordanyň gündogaryndaky Kerit çeşmesiniň boýunda gizlen. Janymyň kastyna çykanlar, goý, utanyp masgara bolsun; maňa garşy erbetlik niýetlänler yzyna dönsün, ýüzi gyzarsyn. Çünki olar asudalyk barada gürrüň etmeýärler, tersine, ýer ýüzündäki asudahalarlara garşy hileli sözleri oýlap tapýarlar. Ol duşmanlarymyň eden ýamanlygyny olaryň öz başlaryna inderer. Öz wepalylygyň hatyrasyna ýok et olary. Diýdim: «Wah, kepderi kimin ganatlarym bolsady! uçup gidip, asudalykda bolardym. Duşmanlarym men barada gürrüň edişýär, janymy aňtap, özara dil birikdirýär. Tekepbirler maňa gizlin duzak goýdular, torlarynyň ýüplerini ýazyp goýdular, ýoluň gyrasynda meniň üçin gapan gurdular. Sela Isany gepde tutjak bolup, fariseýleriň we Hirodyň tarapdarlarynyň birnäçesini Onuň ýanyna iberdiler.
Выбор основного перевода