Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýakynlarym meni ret etdiler, dostlarym meni unutdylar. Saçagymdan duz iýenler hem unutdylar meni, hatda öz gyrnaklarym-da meni ýat saýýarlar, olaryň gözüne men bir keseki. Hyzmatkärimi çagyrýan, ýöne jogap ýok, ýalbar-ýakar etmeli bolýan özüm. Demim aýalymda ýigrenç döredýär, öz maşgalam meni ýigrenýär. Ýaş çagalar-da meni kemsidýärler, aýaga galanymda, meni ýaňsylaýarlar. Içgin dostlarym meni ýigrenýärler, eý görenlerim menden ýüz öwürdiler. Meni ýigrenýärler, menden gaça durýarlar, ýüzüme tüýkürmegi-de hiç zatça görmeýärler. Äjit-mäjitler sagymdan hüjüm edip, aýaklarymy büdredýärler, basyp almak üçin, ýollary taýýarlaýarlar. Uzaklaşdyrdyň menden dostlarymy, ýakynlarymy, garaňkylyk – ýalňyz ýoldaşym. Ol ýerde uzakdan seredişip duran aýallar hem bardy. Magdalaly Merýem, Ýose bilen kiçi Ýakubyň ejesi Merýem we Salome dagy hem olaryň arasyndady. Tötänlikde bir ruhany şol ýoldan barýarka, ol adamy görüp, ýoluň ol tarapy bilen geçip gidýär. Onsoň bir lewi-de şol ýere ýeten wagty ony görüp, ýoluň beýleki tarapy bilen geçip gidýär. Isany tanaýan adamlaryň bary, şeýle-de Jelileden Onuň yzyna düşüp gaýdan aýallar uzagrakda durup, bu wakalara syn edýärdiler.
Выбор основного перевода