Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Erbet iş edýänlere janyňy ýakma, naýynsaplara höwesli bakma. Gahardan saklan, gazaby taşla, aladaçyl bolma: ol şere elter. Men intizar bolup, Rebbe garaşdym, Ol maňa tarap eglip, perýadymy eşitdi; Diňe Hudaýda ynjalýar janym, Hudaýdandyr meniň gutulyşym. Diňe Hudaýda ynjalýar janym, Hudaýdadyr meniň umydym. Çünki tekepbirlere göriplik etdim: olar erbetlik edýän-de bolsa, abadan durmuşlarynyň bardygyny gördüm. Munuň üçin Hökmürowan Reb, Ysraýylyň Mukaddesi şeýle diýýär: «Maňa dolanyp, rahatlyk tapanda halas bolarsyňyz; güýjüňiz asudalykda we ynamda bolar», ýöne siz islemeýärsiňiz. Ýa Reb, Seniň bilen dawalaşsam, Sen hemişe hakly çykýarsyň. Emma ýene-de adalat barada Seniň bilen gürleşmek isleýärin. Näme üçin erbetleň ýoly rowaçlanýar? Näme üçin haýynlar asuda ýaşaýar?
Выбор основного перевода