Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Onuň üçin eliňizi açyň, oňa näme gerek bolsa ýeterlikçe karz beriň. Siz karz bereniňizde, eliňiz hem, göwnüňiz hem açyk bolsun, çünki Hudaýyňyz Reb şonuň hasabyna siziň ähli işleriňize we her bir başlan işiňize bereket berer. Erbet adam karz alyp, yzyna bermez, dogry ynsan bolsa jomart we eli açyk. Jomart, karz berýän ynsan gowudyr, ol işlerini adalatly ýola goýýandyr. Ol sahylyk bilen paýlady, mätäje berdi, onuň dogrulygy dowam eder ebedi, at-abraýy bilen bile artýar kuwwaty. Çünki Ol derwezeleriňiň kiltlerini berkidýär, galadaky çagalaryňa ak pata berýär. Dileg salana ber, karz dileýänden ýüzüňi öwürme. Yzyna almak tamasy bilen karz berýän bolsaňyz, munuň bilen näme hormata mynasypsyňyz? Günäkärler-de doly yzyna almak niýeti bilen günäkärlere karz berýändirler. Duşmanlaryňyzy söýüň, ýagşylyk ediň, yzyna almasyz karz beriň. Şonda siziň sylagyňyz uly bolup, Beýik Hudaýyň ogullary bolarsyňyz, sebäbi Ol gadyr bilmezlere-de, pislere-de mähirlidir.
Выбор основного перевода