Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Nazar sal-da, maňa jogap ber, ýa Beýik Hudaýym! Gözlerime nur ber, ölüm ukusyna gitmezim ýaly. Duşmanlarym bolsa diri hem güýçli; meni nähak ýere ýigrenýänler köpeldi. Meni nähak ýere ýigrenýänleriň sany başymyň saçyndan hem köp; janyma kast etmekçi bolup, ýalan ýere maňa günä ýapýan ýagylarym köp. Men ogurlamadyk zadymy gaýtaraýynmy? Şazadalar meni nähak ýere aňtaýar, emma ýüregim Seniň sözüňden gorkýar. Ol gözlerini gypýar, aýaklary bilen yşarat edýär, barmagy bilen ümleýär. Bu bolsa Mukaddes Ýazgylarda: «Meni nähak ýere ýigrendiler» diýip ýazylan sözleriň berjaý bolmagy üçindir.
Выбор основного перевода