Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb olaryň söweş arabalarynyň tigirlerini batga batyrdy, şonuň üçin hem, olara arabalaryny sürmek gaty kyn düşdi. Şonda müsürliler: «Ýörüň, ysraýyllardan gaçalyň, çünki Müsüriň garşysyna olar üçin Reb söweşýär» diýdiler. Goý, bize Reb kazylyk etsin we höküm çykarsyn. Goý, muňa Onuň Özi seretsin, meni gorasyn we meni seniň eliňden halas etsin». Eý, Hudaý, Sen meni akla! Hudaýsyz milletden alyp ber meniň hakymy, hilegär we adalatsyz adamdan halas et meni. Emma Reb şeýle diýýär: «Hawa, güýçliniň ýesirleri yzyna alnar, zalymyň oljasy elinden azat ediler; Men saňa garşy durana garşy durup, çagalaryňy halas ederin.
Выбор основного перевода