Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eý, Rebbim, hudaýlaryň arasynda heý-de Seň ýalysy barmydyr? Kim mukaddeslikde Seniň ýaly beýik! Geň gudratlaryňdan gorkup, halk Seni şöhratlar. Olar Hudaýa gulak salyp, Oňa hyzmat etseler, günlerini hoşwagtlykda, ýyllaryny şady-horramlykda geçirerler. Halas etdi meni ýigrenýän güýçli ýagymdan, çünki olar güýçlüdi menden. Garyp bilen mätäji ýere çalmaklyk üçin, dogry ýoldan barýanlary öldürmek üçin, erbet adamlar gylyç syryp, ýaýyny gurýar. Maňa eşitdir şatlykdyr begenç sesini, meni peseltdiň, indi bolsa, men şatlanaýyn. Eý, Hudaý, Seniň dogrulygyň göklere ýetýär, Sen berjaý etdiň ägirt işleri. Eý, Hudaý, barmy Sen ýaly? Ýa Taňry, hudaýlar arasynda Sen kimin ýokdur, Seniň işleriňe taý geljek ýokdur. Çünki göklerde Rebbe taý geljek barmy? Ylahy barlyklaryň arasynda Reb deýin barmy? Saňa meňzeş ýokdur, ýa Reb. Sen beýiksiň, gudratda adyň beýikdir.
Выбор основного перевода