Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men lowurdaýan gylyjymy çarhlap, höküm etmek üçin elime alsam, duşmanlarymdan ar alaryn, Meni ýigrenýänleň jezasyny bererin. Beýlekiler kemsidilende: „Ýeriňden gal“ diýýäň, çünki Hudaý pes göwünlileri halas edýär. Ýa Reb, Sen meniň janymy ölüler dünýäsinden çykaryp aldyň; gabra inmezim ýaly, ýaşaýyş berdiň. Rebden gorkuň, eý, Onuň mukaddesleri, Ondan gorkýanlaryň ýok mätäçligi. Galk, eý, ýer ýüzüniň Kazysy, tekepbirlere päline görä ber jezasyny! Reb Özüni söýýänleriň ählisini goraýar, emma erbetleriň baryny Ol heläk eder. Adamyň tekepbirligi ony peseldýändir, pesgöwünli adam bolsa hormat gazanýandyr. Eý, ýaşlar, siz hem ýaşululara tabyn boluň. Hemmäňiz biri-biriňiz bilen pespäl boluň, sebäbi «Hudaý tekepbirlere garşydyr, emma pespäl adamlara merhemet edýändir».
Выбор основного перевода