Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýa Reb, men Seni pena edinýärin, meni hiç haçan utanja goýma. dogrulygyň bilen meni halas et, azat et, maňa gulak goý, tiz ýetiş meniň dadyma. Elmydama meni gizläp biläýjek, mesgen tutunjak mäkäm gaýam bol. Halas bolmagymy Sen emr etdiň, çünki gaýam, berkitmäm Sensiň. Rebbiň kanunyndan lezzet alýan, gije-gündiz şol barada oýlanýan bagtlydyr! Ol erbetleriň maslahatyna gitmeýär, günäkärleriň ýolundan ýöremeýär, ýaňsylaýjylaryň arasynda oturmaýar. Olar Saňa perýat edip, halas boldular; Saňa bil bagladylar, baglan umydynda aldanmadylar. Ýa Reb, meni utanja goýma, çünki Seni çagyrýaryn men; goý, erbetler utanja galsyn; ölüler dünýäsine inip, goý, olar dymsyn. Patyşalar saňa atalyk, şa aýallary saňa enelik ederler. Olar saňa tagzym edip, aýak tozuňyzy ýalarlar. Şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň. Maňa umyt baglaýanlar utanja galmaz».
Выбор основного перевода