Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ahytopel Abşaloma şeýle diýdi: «Ygtyýar et, on iki müň adamy saýlaýyn-da, şu gije Dawudyň yzyndan kowalaýyn. Ýadap gurbatdan düşen wagty men onuň üstüne çozup, ony howsala salaýyn. Ýanyndaky ähli goşun gaçar, men diňe patyşanyň özüni öldürerin. Ýaş gelniň öz adamsynyň öýüne gelşi ýaly, ähli halkyň saňa tarap öwrülmegi üçin, seniň şol ideýän adamyň öldürilmegi wajypdyr. Şonda bütin halk parahatçylykda bolar». Maslahat Abşaloma-da, Ysraýylyň ähli ýaşulularyna-da ýarady. Rebbe we Onuň saýlanyna garşy dünýä şalary aýaga galýar; hökümdarlar birigýär we baş galdyrýar. Men: «Ähli tarapdan howp abanýar! Üstünden arz ediň! Bizem arz edeliň!» diýen pyşyrdylary eşitdim. Ähli ýakyn dostlarym büdremegime göz dikip: «Belki, aldanar, şonda ýeňeris ony, ondan alarys arymyzy» diýýärler. Seret, ýa Reb, halkyňyň halyna bak! Kimi beýle güne salanyňy gör! Aýallar öz dogran eziz çagalaryny iýsinlermi? Ruhany we pygamber mukaddes öýüňde öldürilsinmi? Ir säher bilen ähli ýolbaşçy ruhanylardyr halkyň ýaşululary Isa ölüm jezasyny bermek barada maslahat geçirdiler.
Выбор основного перевода