Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ol Öz şasyna beýik ýeňişler berýär, seçip-saýlan Dawudyna, onuň nesline elmydama sadyk söýgüsini görkezýär. Sen dogrulygy söýüp, ýigrenýärsiň pisligi. Şonuň üçin Hudaý, seniň Hudaýyň, seni ýoldaşlaryň içinden seçip-saýlady, başyňa şatlyk ýagyny guýdy. Ine, patyşalar agyz birikdirdiler, bilelikde ol ýerlerden geçdiler. Olar ony görenlerinde haýran galdylar, dowla düşüp, gaçyp gitdiler. Şol ýerde sandyrama tutdy olary, dogurýan aýalyň burgusy ýaly. Ýa Reb, ýatla duşmanyň ýaňsylaýşyny, akmak halkyň Seniň adyňy har edişini. Öz duşmanlaryňyň seslerini unutma; Saňa garşy baş galdyrýanlaryň gohy dyngysyz artýar. Fariseýler daşary çykyp, Isany nädip ýok etmelidigi barada maslahatlaşdylar. Şol wagt ýolbaşçy ruhanylar bilen halkyň ýaşululary Kaýafa atly baş ruhanynyň howlusyna ýygnanyp, Isany hile bilen tutup öldürmek barada maslahat geçirdiler. Isa heniz gepläp durka, Onkileriň biri bolan Ýudas peýda boldy. Onuň ýanynda ýolbaşçy ruhanylar bilen ýaşulular tarapyndan iberilen gylyçly, taýakly bir mähelle bardy. Isany tutanlar Ony baş ruhany Kaýafanyň ýanyna getirdiler, Töwrat mugallymlary bilen ýaşulular-da şol ýere ýygnanypdylar. Ýolbaşçy ruhanylar we tutuş mejlis Isa ölüm jezasyny bermek üçin, Oňa garşy galp subutnamalar agtardylar. Köp ýalançy şaýatlar geldi, emma Oňa garşy hiç zat tapyp bilmediler. Ahyrsoňy iki sany ýalançy şaýat gelip: «Bu adam: „Men Hudaýyň ybadathanasyny ýykyp, ony üç günde täzeden salyp bilerin“ diýdi» diýip habar berdi. Baş ruhany ornundan turup: «Sen asla jogap berjek dälmi? Bu adamlaryň Seniň garşyňa berýän şaýatlygy näme?» diýdi. Emma Isa dymdy. Baş ruhany Oňa: «Saňa diri Hudaýdan kasam edýärin, bize aýt, Hudaýyň Ogly – Mesih Senmi?» diýdi. Isa oňa: «Hawa, Seniň aýdyşyň ýalydyr» diýip jogap berdi. Soňra sözüni dowam edip: «Size ýene şuny aýdaýyn, mundan soň siz Ynsan Oglunyň Gudratygüýçliniň sagynda oturanyny we gögüň bulutlarynda gelýänini görersiňiz!» diýdi. Şonda baş ruhany ýakasyny ýyrtyp: «Ol Hudaýa dil ýetirdi, bize başga şaýatlyk nämä gerek? Onuň Hudaýa dil ýetirenini özüňiz eşitdiňiz ahyryn. Näme karara gelýärsiňiz?» diýdi. Olar: «Ol ölüme mynasyp!» diýip jogap berdiler. Ir säher bilen ähli ýolbaşçy ruhanylardyr halkyň ýaşululary Isa ölüm jezasyny bermek barada maslahat geçirdiler. Ony daňyp, häkim Pilata eltip tabşyrdylar. Isany häkimiň huzuryna getirdiler. Häkim Ondan: «Sen ýahudylaryň patyşasymy?» diýip sorady. Isa hem: «Aýdyşyň ýalydyr» diýdi. Ýolbaşçy ruhanylar bilen ýaşulular Ony aýyplanlarynda, Ol hiç hili jogap bermedi. Onsoň Pilat Ondan: «Seniň garşyňa berilýän munça şaýatlyklary eşitmeýärsiňmi?» diýip sorady. Isa onuň ýekeje soragyna hem jogap bermedi. Häkim muňa gaty geň galdy. Fariseýler daşary çykyp, Isany nädip ýok etmelidigi barada Hirodyň tarapdarlary bilen maslahat geçirdiler. Muny eşiden ýolbaşçy ruhanylar bilen Töwrat mugallymlary Isany öldürmegiň küýüne düşdüler. Olar Isadan gorkýardylar, sebäbi tutuş halk Isanyň taglymatyna haýran galýardy. Olar bolsa gahar-gazaba münüp, Isany näme etmelidigi barada öz aralarynda maslahatlaşmaga başladylar. Andrys ilki bilen dogany Simuny tapyp, oňa: «Biz Mesihi tapdyk» diýdi. (Mesih Hudaýyň saýlap-seçeni diýmekdir). Emma siz Meni, ýagny Hudaýdan eşiden hakykaty aýdýan Ynsany öldürmekçi bolýarsyňyz. Ybraýym beýle iş etmändi.
Выбор основного перевода