Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb elmydama gözlerimiň öňünde, sarsdyrylmaryn, çünki Ol meniň sagymda. Şoňa görä ýüregim begençli, kalbym şatlanýar, meniň tenim hem asudalykda ýaşaýar. Çünki meni ölüler dünýäsinde goýmarsyň, Öz sadygyň gabra girmegine Sen ýol bermersiň. Ýaşaýyş ýoluny maňa görkezersiň. Huzuryňda şatlyk meni doldurar. Sagyňda hem begenç meni doldurar. Saňa garşy erbet niýet edäýseler hem, dildüwşük guraýsalar hem – üstün çykmazlar. Milletler arlaýar, şalyklar-da yranýar, Ol gygyrýar – şonda dünýä ereýär. Sen Mukaddes Ruh arkaly Öz guluň – atamyz Dawudyň üsti bilen şeýle diýdiň: „Milletler näme üçin gazaba münýär? Halklar nämä biderek pitne turuzýar? Rebbe we Onuň Saýlanyna garşy dünýä şalary aýaga galýar, hökümdarlar birigýär we baş galdyrýar“.
Выбор основного перевода