Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Dawut Ol hakda şeýle diýipdi: „Reb elmydama gözlerimiň öňünde; sarsdyrylmaryn, çünki Ol meniň sagymda. Şoňa görä ýüregim begençli, dilim şatlanýar, bedenim hem umyt bilen ýaşaýar. Çünki Sen meni ölüler dünýäsinde goýmarsyň, sadygyňyň gabyrda çüýremegine ýol bermersiň. Ýaşaýyş ýoluny maňa görkezersiň: huzuryňda meni şatlykdan doldurarsyň“. Eý, Hudaý, meniň dogamy eşit, Sen agzymyň sözlerine gulak goý. Ol – ýeke-täk gaýam hem gutulyşym, meniň berkitmäm: ýykylmaryn men. Ýöne şonda-da mydama Seniň bilendirin, Sen tutýarsyň meni golumdan. Çünki Ol mätäjiň sagynda durýar, ony ölüme höküm edýänleriň elinden halas eýleýär.
Выбор основного перевода