Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Soňra Reb Haruna şeýle diýdi: «Olaryň topragynda seniň mülküň bolmaz, olaryň arasyndan saňa paý berilmez. Ysraýyllaryň arasyndaky seniň paýyň we mülküň Mendirin. Sen maňa saçak ýazýarsyň duşmanlarymyň gözleriniň alnynda; ýag çalýarsyň meniň başyma; pürepürdir meniň pyýalam. Tenim, ýüregim ysgyndan düşýär, ýöne Hudaý ýürek kuwwatym, baky nesibäm. Reb – meniň paýym Seniň sözüňi saklamagy men wada etdim. Dogrularyň ýurdunda erbetler höküm sürmezler baky, ýogsa dogrularyň hem ýamanlyk etmegi ahmal. Janym diýýär: «Reb meniň paýymdyr. Şoňa görä Oňa intizardyryn».
Выбор основного перевода