Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hudaýym, Hudaýym, näme üçin meni terk etdiň? Näme üçin halas ederden, perýadymy eşiderden uzakdasyň Sen? Hudaýym, gündizine çagyrýan, ýöne jogap bermeýäň, gijesine – emma rahatlygy tapmaýan. Ýöne welin mukaddessiň Sen! Ysraýyl alkyşlarynyň üstünde tagt guransyň Sen. Saňa bil bagladylar atalarymyz; ynandylar, Sen hem halas etdiň olary. Olar Saňa perýat edip, halas boldular; Saňa bil bagladylar, baglan umydynda aldanmadylar. Men bolsa bir gurçuk, ynsan däldirin: ynsanlaryň ýüzügarasy, halkyň kemsidýäni. Meni görýänleriň bary üstümden gülýär, başlaryny ýaýkaýar hem ýaňsylaýar: «Rebbe tabşyrypdy özüni; goý, Ol ony halas eýlesin, ony azat etsin, çünki Reb ondan köp razy!» Emma Sensiň ýatgydan meni çykaran, enem gujagyndakam maňa rahatlyk beren. Dünýä inäýemde Saňa atyldym, Sen – Hudaýym enem göwresinden çykalym bäri. Menden daşlaşma Sen, çünki muşakgat ýakyn, kömekçi-de ýok. Birentek öküzler meni gurşady, güýçli Başan öküzleri meni gabady; olar maňa açýarlar agyzlaryny parçalaýjy, arlaýjy bir arslan ýaly. Men suw kimin döküldim, bogun-bogun söküldi ähli süňklerim, mum kimin meniň ýüregim gursagymda pagyş-para eredi. Güýjüm küýzäniň döwügi dek gurady, dilim-de kentlewügime ýapyşdy, çünki ölüm topragynda Sen meni goýduň. Itler meniň daşymy aldy, betkärler topary meni gurşady, el-aýaklarymy parran deşdiler. Ähli süňklerimi sanaýmalydyr, olar maňa seredip, tomaşa edýär. Özara paýlaşýarlar geýimlerimi, eginbaşym üçin bije atýarlar. Ynsan doganynyň ebedi ýaşary ýaly, hem-de gabry görmezi ýaly, pul töläp, ony azatlyga çykaryp bilmez; onuň üçin Hudaýa töleg tölemez. Dogrudan-da, jan azatlygyny gazanma gymmat, muny hiç kim başaryp bilmez. Emma Hudaý meni kabul eder; Ol ölüler dünýäsiniň ygtyýaryndan, meniň janymy boşadar. Sela «Eý, nasyraly Isa! Biziň bilen näme işiň bar? Bizi ýok etmäge geldiňmi? Men Seniň kimdigiňi bilýärin, Sen Hudaýyň Mukaddesisiň» diýip gygyrdy. Perişde oňa: «Mukaddes Ruh seniň üstüňe iner, Beýik Hudaýyň gudraty seniň üstüňe kölege salar. Şonuň üçin hem doguljak çaga Mukaddes saýylar, Oňa Hudaýyň Ogly diýler. Çünki Sen meni ölüler dünýäsinde goýmarsyň, sadygyňyň gabyrda çüýremegine ýol bermersiň. Başga bir mezmurda şeýle ýazylan: „Sen Sadygyňyň gabyrda çüýremegine ýol bermersiň“.
Выбор основного перевода