Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Parçalanjakdyr Rebbiň garşysyna çykanlar. Olaryň garşysyna Gökde Ol nagra dartar. Zeminiň çar künjünde Reb höküm eder. Ol Öz patyşasyna güýç-kuwwat berer, Öz seçip-saýlan patyşasyna ýeňiş getirer». Seniň nesliň hem şalygyň Meniň huzurymda baky berkarar bolar. Şalyk tagtyň baky dowam eder“». Maňa ybadat edilmegi üçin, Öz saýlan şäherim Iýerusalimde gulum Dawudyň neslinden biri hemişelik patyşalyk eder ýaly bir tiräni Süleýmanyň ogluna bererin. Muňa garamazdan, onuň Hudaýy Reb Iýerusalimi kuwwatlandyrmak üçin, Abyýam ölenden soň ornuna patyşa bolar ýaly, oňa bir ogul berdi. Hudaý Reb muny Dawudyň hatyrasy üçin etdi. Emma Reb Dawuda onuň nesillerinden biriniň ömürlik tagtda oturjakdygyny wada berendigi we Öz guly Dawut bilen äht edendigi üçin Ýahudany derbi-dagyn etmek islemedi. Onuň bilen bolar söýgim, wepadarlygym, Meniň adym bilen onuň güýji beýgeler. Men ol gün ysraýyl halkyna güýç bererin, olaryň arasynda saňa saýrap duran dil bererin. Onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler». Öňki zamanda mukaddes pygamberler arkaly söz berşi ýaly, duşmanlarymyzdan bizi halas etmäge, ýigrenýänleriň ählisinden dyndarmaga, Ol biziň üçin Öz guly Dawudyň neslinden bir güýçli Halasgär çykardy.
Выбор основного перевода