Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Peýmanyň dolup, ata-babalaryňa gowşanyňda, ýeriňe öz ogluňy, öz biliňden önen zürýadyňy tagta çykaryp, onuň patyşalygyny kuwwatlandyraryn. Onsoň Reb: „Eger seniň ogullaryň Maňa gulak goýup, bütin kalplary, jan-tenleri bilen Maňa iman edip ýaşasalar, ysraýyl tagtyndan seniň nesliňiň arkasy kesilmez“ diýip, maňa beren wadasyny berjaý eder. Şonuň üçin hem, eý, Ysraýyl Hudaýy Reb, guluň kakam Dawuda: „Eger seniň ogullaryň seniň ýöreýşiň ýaly, Meniň hakykat ýolumdan ýöreseler, seniň nesliňden hiç bir adam Ysraýylyň tagtyndan aýrylmaz“ diýip beren wadaňy berjaý et. Şonuň üçin hem, eý, Ysraýyl Hudaýy Reb, guluň kakam Dawuda: „Eger seniň ogullaryň Maňa gulak asyp, seniň ýöreýşiň ýaly, Meniň hakykat ýolumdan ýöreseler, seniň nesliňden hiç bir adam Ysraýylyň tagtyndan aýrylmaz“ diýip beren wadaňy berjaý et. Diýdiň: «Saýlanym bilen Men äht baglaşdym. Öz gulum Dawuda Men kasam etdim: „Ebedi berkarar ederin seniň nesliňi, nesillerboýy bina ederin seniň tagtyňy“». Sela Emma Dawutdan aýyrmaryn söýgimi, Men wepadarlygyma galplyk etmerin. Reb ant içdi, Ol ondan dänmez: «Mäliksadyk derejesindäki müdimilik ruhanysyň sen». Ol beýik bolar, Oňa Beýik Hudaýyň Ogly diýler. Taňry Hudaý Oňa atasy Dawudyň tagtyny berer. Atalarymyza söz berşi ýaly, Ybraýym bilen onuň nesline rehimdarlyk etmegi hiç unutman, guly Ysraýyla ýardam etdi». Öňki zamanda mukaddes pygamberler arkaly söz berşi ýaly, duşmanlarymyzdan bizi halas etmäge, ýigrenýänleriň ählisinden dyndarmaga, Ol biziň üçin Öz guly Dawudyň neslinden bir güýçli Halasgär çykardy. Dawut bir pygamberdi. Hudaýyň ant içip, beren sözüne görä, Dawut öz neslinden biriniň onuň tagtynda oturjakdygyny bilýärdi.
Выбор основного перевода