Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men Saňa baky mesgen tutaryň ýaly, uçursyz gözel öý gurdum». Reb Süleýmana şeýle diýdi: «Men seniň eden dilegiňi, ýalbaryşyňy eşitdim. Seniň guran bu öýüňi mukaddes etdim. Maňa ol ýerde ebedilik ybadat ediler. Meniň nazarym we ýüregim hemişe şol ýerde bolar. Reb beýikdir, Hudaýymyzyň şäherinde, Onuň mukaddes dagynda Ol aşa şöhratlandyrylmaga mynasypdyr. Belent, gözel Sion dagy tutuş ýer ýüzüniň şatlygydyr; Sion dagy Beýik Şanyň şäheri, ol Sapon dagynyň çür başy ýalydyr. Eý, çür başlary köp bolan daglar! Hudaýyň Öz mesgeni edip saýlan dagyna, ebedi mesgen tutjak dagyna neçün göriplik bilen seredýärsiňiz? saýlap aldy Ýahuda tiresini – Özüniň söýen Sion dagyny. Galk, ýa Reb, gir Sen dynçlyk mekanyňa Öz güýjüňiň nyşany Äht sandygy bilen. Mundan beýläk «Terk edilen» diýilmez saňa, mundan beýläk «Harabalyk» diýilmez ýurduňa, emma saňa «Söýdügim», ýurduňa «Ärli» diýler; Reb seni söýýär, ýurduň ärli bolar. Ybadathanadan ant içýän, ondan hem, onda mekan tutan Hudaýdan hem ant içýändir.
Выбор основного перевода