Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Rebbe bil baglaýan ynsan nähili bagtly! Tekepbirlere, ýalan hudaýlara ýüz bermeýän ynsan nähili bagtly! Eý, halk, elmydama Oňa bil baglaň; ýüregiňizi Onuň öňünde döküň, çünki Hudaýdyr biziň penamyz. Sela Eý, Hökmürowan Reb! Saňa bil baglaýanlar nähili bagtly! Duşmanlarymyzy ýeňmäge bize kömek et, sebäbi ynsan kömegi biderek zatdyr. Seniň baýlygyňy we tutuş hazynalaryňy ýurduňda eden günäleriňiň tölegi hökmünde olja edip paýlaryn. Reb şeýle diýýär: «Ynsana bil baglan, ynsanyň güýjüne daýanan, ýüregi Rebden daşlaşan adama nälet bolsun! Rebbe bil baglan, Rebbe daýanan adam nähili bagtly!
Выбор основного перевода