Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Gurbanlyk sypasynyň dört burçy-da ýokary çykyp dursun. Şu burçlar gurbanlyk sypasy bilen bir bitewi bolsun. Ony bürünç bilen gapla. Birinji gün oňat miweli agaçlaryň miwesini, palma şahalaryny, gür ýaprakly agaçlaryň we suw boýunda ösýän söwütleriň şahalaryny alyp, Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda ýedi günläp şady-horramlykda boluň. Bütin halk muny görüp, ýüzin ýykylyp: «Reb Hudaýdyr! Reb Hudaýdyr!» diýdi. Bu ýahudylar üçin bagt hem şatlyk, begenç hem hormatdy. Emma siz beýle dälsiňiz, çünki siz saýlanyp-seçilen halksyňyz. Siz patyşanyň ruhanylary, mukaddes millet, Hudaýa degişli halksyňyz. Hudaý sizi garaňkylykdan Özüniň ajaýyp nuruna çagyrdy. Siz Onuň şan-şöhratyny yglan etmek üçin saýlanyp-seçilensiňiz.
Выбор основного перевода