Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Höküm çykaranyňda adalatsyzlyk etme. Garybyň tarapyny tutup ýa-da baýdan heder edip, adalatsyzlyk etme, ildeşiňe hemişe adalatly höküm çykar. Siz kazylyk edeniňizde, tarapgöýlik etmeli dälsiňiz: uly dawany-da, kiçi dawany-da deň diňläň. Hiç kimden gorkmaň, çünki çözgüt Hudaýdandyr. Size çözmesi kyn düşen dawany maňa getiriň, ony özüm diňlärin“ diýdim. Rebbiň gorkusy siziň üstüňizde bolsun. Işiňizde ägä boluň. Hudaýymyz Rebde adalatsyzlyk, ýüz görmeklik ýa-da para almaklyk ýokdur». Bu pähimlere hem tymsallara, atalar sözlerine we matallaryna düşünmek üçindir. Akyldarlar bulary eşidip, bilimini artdyrsyn, düşbi adamlar sagdyn maslahat alsyn. Hökümde erbediň tarapynda bolup, dogruçyly haksyz çykarmak dürs däldir.
Выбор основного перевода