Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ol seni alty betbagtçylykdan gutarar, ýedinjiden-de saňa zyýan ýetmez. Meniň duşmanlarym yzlaryna dönende, büdräp, ýok bolýarlar Seniň öňüňde. Dogry ynsanyň dertleri köpdür, emma Reb ählisinden ony halas edýändir. Ýykylmaz bu ynsan büdräýende hem, çünki Reb onuň elinden tutýar. Baýlygyna baýrynýan ýykylar, dogrular bolsa täze baldak ýaly öser. Erbet öz ýamanlygyndan ýykylýar, dogruçyla bolsa ölümde hem pena garaşýar. Çünki olaryň betbagtlygy duýdansyz geler, Reb hem patyşadan ýetjek weýrançylygy kim biler? Ysraýyl gyzy ýykyldy, indi ol hiç haçan galmaz, öz topragynda süýnüp ýatyr, hiç kim oňa ýardam bermez. Eý, duşmanym, heşelle kakma halyma, ýykylsam-da, galaryn. Garaňkylykda otursam-da, Reb maňa nur bolar.
Выбор основного перевода