Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Emma Reb Şamuwele: «Onuň daş keşbine ýa-da uzyn boýuna garama, çünki Men ony ret etdim. Sebäbi Rebbiň garaýşy adamyňky ýaly däldir. Adam daş keşbe seredýär, emma Reb kalba seredýär» diýdi. Hudaý ynsanlaryň etmişlerini başlaryndan inderer, olara öz pälinden tapdyrar. Ýa Taňry, sadyk söýgi Seniňkidir, Sen her kese edenine görä öwezini gaýtarýarsyň. Gulagy ýaradan, heý, eşitmezmi? Göze şekil beren, heý-de, görmezmi? Milletleri toba getirýän, ynsanyýete bilim öwredýän jeza bermezmi? Reb bilýär ynsanlaryň pikirlerini hem-de bu pikirleriň panydygyny. Ol seniň aýagyňy taýdyrmaz, seni goraýan Hudaý irkilmez. Seret, Ysraýyly goraýan Hudaý ne uklar, ne-de irkiler. Reb seniň Arkadagyňdyr, Reb sagyňdaky kölegäňiňdir. Günortan çagy Gün seni urmaz, gijesine Aý zeper ýetirmez. Reb seni bela-beterden gorar, Ol seniň janyňy gorar. Şindiden asyrlarboýy, Reb gorar girişiňi hem çykyşyňy. Ynsan diliniň miwesinden ýagşylyk tapar, elleriniň hyzmaty özüne serpaý bolar. Adamyň ähli ýollary öz gözüne sapdyr, ýöne ruhuňa syn edýän Rebdir. Adamyň ähli ýoly öz gözüne dogrudyr, emma ýürekdäkini ölçeýän Rebdir. Hemmeler ekin meýdandan peýda görýär, hatda patyşa hem ondan girdeji alýar. Seniň taglymatyň neneňsi beýik, işleriň nähili gudratly! Gözleriň ynsanlaryň edýän ähli işlerini görýändir. Her kese öz tutan ýoluna görä, işiniň miwesine görä sylaglaýarsyň. Şol gün Hudaý her kime eden işine görä gaýtarar. «Ine, Men tizara bararyn! Her kese eden işlerine görä berjek sylaglarym ýanymdadyr!
Выбор основного перевода