Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Hany, çagyr, jogap beren tapylarmyka? Sen perişdeleriň haýsyna ýüzlenjek? Reb milletleriň maslahatyny hiç edýär, halklaryň niýetlerini puja çykarýar. Emma ebedidir Reb maslahaty, Onuň ýürek pikirleri – nesillerboýy. Eý, milletler, gidiň, urşuň, ýöne siz gyrlarsyňyz! Gulak goýuň, eý, uzakdaky ähli ýurtlar! Billeriňizi guşaň, ýöne gorkuň! Billeriňizi guşaň, ýöne siz gyrlarsyňyz! Bile maslahat geçirersiňiz, ýöne ol başa barmaz; söz sözlärsiňiz, ýöne ol amala aşmaz, çünki Hudaý biziň bilendir. Reb şeýle diýýär: «Paýhasly paýhasyna, güýçli güýjüne magtanmasyn, baý baýlygyna öwünmesin. Söwdada çuň danalygyň bilen baýlygyňy köpeltdiň, baýlygyňdan ýaňa ýüregiňi gedem tutduň“». Emma Hudaýdan bolsa, onda siz bu işiň öňüni alyp bilmersiňiz. Birden Hudaýa garşy söweşýänler bolup çykaýmaň».
Выбор основного перевода