Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Dawut patyşa adamlaryny alyp, Iýerusalimde ýaşaýan ýabuslaryň üstüne ýöriş etdi. Ýabuslar Dawuda: «Sen bu ýere girip bilmersiň, hatda körlerdir agsaklaram seni yzyňa serpikdirip bilerler» diýýärdiler. Olar Dawut bu ýere girip bilmez diýip pikir edýärdiler. Emma Dawut Sion galasyny basyp aldy. Ol häzir «Dawut galasy» diýlip atlandyrylýar. Dawut şol gün: «Kimde-kim ýabuslary öldürmekçi bolsa, käriziň içinden geçip, Dawudy ýigrenýän körlerdir agsaklaryň üstüne çozsun» diýdi. («Körlerdir agsaklar Hudaýyň öýüne girip bilmezler» diýen gep şondan galdy.) Dawut galany eýeledi we ony «Dawut galasy» diýip atlandyrdy. Ol Millodan başlap, galanyň tutuş töweregini täzeden gurdy. Paýhas dana adamy şäherdäki on hökümdardan has güýçli edýändir. Bu şäherde bir dana garyp tapyldy, ol şäheri paýhasy bilen halas etdi. Emma hiç kim bu garyby ýatlamady. Onsoň men diýdim: «Danalyk güýçden gowudyr», ýöne garyp adamyň paýhasy äsgerilmeýär, onuň sözleri eşidilmeýär.
Выбор основного перевода