Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb Nuha şeýle diýdi: «Ähli maşgalaň bilen gämä mün, çünki Men seniň döwürdeşleriňiň içinden diňe seniň dogruçyl adamdygyňy gördüm. Erbetlik bilen gazanylan baýlygyň peýdasy ýokdur, dogrulyk bolsa ölümden halas edýändir. Kümüşleri köçelere taşlanar, altynlary murdar hasaplanar. Altyn-kümüş olara günä etdirýän büdreme daşyna öwrüldi. Şonuň üçin Rebbiň gazap gününde olary altyn-kümüşleri halas etmez, açlykdan gutarmaz ýa-da garynlaryny doýurmaz. Rebbiň gazaply gününde, altyn-kümüşleri halas edip bilmez olary. Rebbiň gabanjaňlyk odunda bütin dünýä ýanyp kül bolar, çünki Reb ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň baryny gyryp ýok eder.
Выбор основного перевода