Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Siz uzynlyk ölçäniňizde, çekimde ýa-da sanagda hiç kimi aldamaň. Siz hak terezileri, hak ölçeg daşlaryny, hak ölçegleri ulanyň. Sizi Müsür ýurdundan çykaran Hudaýyňyz Reb Mendirin. Torbaňyzda iki dürli: biri agyr, biri ýeňil terezi daşy bolmasyn. Öýüňizde biri uly, biri kiçi bolan iki dürli ölçeg gaby bolmasyn. Siziň diňe doly we dogry terezi daşyňyz, şeýle hem, hakyky ölçegiňiz bolsun. Şonda Hudaýyňyz Rebbiň size berjek ýerinde ömrüňiz uzak bolar. Çünki adalatsyzlyk edýänleriň hemmesi Hudaýyňyz Rebbiň nazarynda nejisdir. Dogry terezi we gapan Rebbiňkidir, torba içindäki ähli çekim daşlary Onuň işidir. Iki dürli terezi daşynyň, iki dürli ölçegiň ikisi hem Rebbe ýigrenjidir. Galp terezi daşy Rebbe ýigrenjidir, hileli terezi hem gowy däldir.
Выбор основного перевода