Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Kim garyba merhemet edýän bolsa, Rebbe karz berýär, Reb onuň öwezini gaýtarar. «Başgalary ýazgarmaň, ýogsam siz hem ýazgarylarsyňyz, sebäbi siz nähili ýazgarsaňyz, özüňiz-de şeýle ýazgarylarsyňyz. Haýsy ölçeg bilen ölçeseňiz, size-de şol ölçeg bilen ölçeler. Şuny unutmaň: gysganyp ekýän az orýandyr, sahylyk bilen ekýän, bol orýandyr. Göwünsizlik ýa mejburlyk bilen däl-de, her kes göwnünden çykaranyny bersin. Çünki Hudaý göwünjeňlik bilen berýäni halaýandyr. Hemişe hemme zadyňyz ýeterlik bolup, islendik ýagşy işe bol mümkinçiligiňiz bolar ýaly, Hudaý size merhemetini boldan-bol bermegi başarýandyr. Bu babatda Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylandyr: «Ol sahylyk bilen paýlady, mätäje berdi, onuň dogrulygy dowam eder ebedi». Hudaý daýhanyň ekjek tohumyny, iýjek çöregini ýetirýändir. Şoňa görä-de, Ol siziň ekeniňizi boldan-bol artdyryp, dogrulygyňyzyň bol hasylyny ýetişdirmegi hem başarar.
Выбор основного перевода