Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8
Параллельные места
Ýarymyň owazydyr bu! Ine, ol daglaryň üstünde bökjekläp, depeleriň üstünde towsaklap gelýär. Söýgülim maňa şeýle diýdi: «Tur, dildarym, gözelim tur, ýör bile gideli. Gaýa gowaklaryndaky, uçut kenardaky gögerçinim, jemalyňy göreýin, eşideýin seniň owazyň, şirin owazyň, jemalyň-da ajaýypdyr. Katdy-kamatyň neneňsi gözel, eý, dildarym! Sende hiç bir kemlik ýok. Eý, ezizim, gelinligim, köňlümi maýyl etdiň, gözleriň bilen bir bakyşda, boýnuň hünjüsiniň biri bilen köňlümi maýyl etdiň. Sap altyndyr başy, saçlary buýra, garga deý gara. Gögerçinimiň, päkizämiň bolsa deňi-taýy ýok, enesiniň eziz gyzy ol, naýbaşysy ol. Gyzlar ony görüp, oňa bagtly diýdiler; şa aýallarydyr gyrnaklary ony öwdüler. Men Ysraýyla ýeriň çygy ýaly bolaryn. Ol liliýa güli ýaly açylar. Liwan kedri kimin kök urar. Ine, men işikde duryn, gapyny kakýaryn. Sesimi eşidip, gapyny açanyň öýüne girerin. Men onuň bilen, ol hem Meniň bilen bir saçak başynda tagam iýer.
Выбор основного перевода