Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8
Параллельные места
Öýüň içi kedr tagtasyndan kesilip, kädä hem-de açylyp oturan güllere çalym edýän nagyşlar bilen haşamlanandy. Diwardaky daşlar görünmez ýaly, diwar tutuşlygyna kedr tagtasy bilen örtülendi. Gül-pürçük bolar ol, şatlykdan, guwançdan ýaňa nagma aýdar. Liwanyň gözelligi, Karmeliň, Şaronyň görki berler oňa. Olar Rebbiň şöhratyny, Hudaýymyzyň şan-şöhratyny görerler. Mukaddes öýümi bezemek üçin Liwanyň baýlygy geler saňa, Aýak basýan ýerimi şöhratlandyrmak üçin serwi, çynar we arça agaçlary saňa getiriler. aýaklary kürede gyzardylan mis ýaly ýalpyldaýardy, sesi ägirt ummanyň güwwüldisi ýalydy. Onsoň men gökden aşak inip gelýän başga bir güýçli perişdäni gördüm. Ol buluda bürenipdi, onuň başynyň ýokarsynda älemgoşar şugla saçýardy. Perişdäniň ýüzi gün ýaly şöhle saçýardy, aýaklary bolsa ot sütünleri ýalydy.
Выбор основного перевода