Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8
Параллельные места
Öýüňiň näz-nygmatyndan doýýarlar; Sen olary Öz lezzet derýaňdan gandyrýaň. Gel, ertire çenli yşkdan doýup-ganýançak, aýşy-eşretden lezzet alaly. Eý, ezizim, gelinligim, köňlümi maýyl etdiň, gözleriň bilen bir bakyşda, boýnuň hünjüsiniň biri bilen köňlümi maýyl etdiň. Dodaklaryňdan bal damýar, eý, gelinligim; bal bilen süýt bar diliň astynda; lybaslaryňyň ýakymly ysy Liwanyň hoşboý ysy deý. atyrdyr zagpyran bilen, ysly gamyşdyr dalçyn bilen, dürli ýakymly ysly agaçlar bilen, hoşboý mürdür ahalot bilen, dürli hoşboý ysly zatlar bilen. Ýarym öz bagyna, atyr saçýan gülhanasyna, baglarda sürüsini bakmaga, çigildemler ýygmaga gitdi. Hökmürowan Reb bu dagda ähli halklar üçin bol iýmitli, sap şeraply, ýilikli, bol etden, süzülen sap şeraply meýlis gurar. Eý, teşneler, suwa geliň! Eý, pulsuzlar, geliň, galla satyn alyň, iýiň! Geliň, şeraby, süýdi pulsuz alyň! Näme üçin puluňy çörek bolmajak zada, zähmetiňi doýurmajak zada sarp edýäň? Meni ünsli diňläň, ýagşy zady iýiň, janyňyz näz-nygmatlardan lezzet alar. Ol bir gün gije Isanyň ýanyna gelip: «Ýa Rabbi, biz seniň Hudaýdan gelen bir mugallymdygyňy bilýäris. Çünki Hudaýyň Özi seniň bilen bolmadyk bolsa, beýle gudratly alamatlary görkezip bilmezdiň» diýdi.
Выбор основного перевода