Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8
Параллельные места
Sen neneňsi gözel, Söýgüli dildarym, meniň! Sen neneňsi gözel, gögerçin gözlim! Katdy-kamatyň neneňsi gözel, eý, dildarym! Sende hiç bir kemlik ýok. Men ukuda, ýöne köňlüm oýa. Ine, bu ýarymyň owazy. «Gapyny aç, ezizim, dildarym meniň, gögerçinim, päkizäm meniň! Başym çyga ezilen, saçym-da gijäniň nemine». Gögerçinimiň, päkizämiň bolsa deňi-taýy ýok, enesiniň eziz gyzy ol, naýbaşysy ol. Gyzlar ony görüp, oňa bagtly diýdiler; şa aýallarydyr gyrnaklary ony öwdüler. Eý, baglarda mesgen tutan! Ýoldaşlarym owazyňy diňleýärler; men-de owazyňy eşideýin. Eý, Mowabyň ilaty, şäherleri taşlap, gaýada ýaşaň. Höwürtgesini kert gaýalaň üstünde ýasan gögerçin kimin boluň. Ine, Men sizi möjekleriň arasyna goýunlar kimin ýollaýaryn. Şonuň üçin ýylan ýaly akylly, kepderi kimin sada boluň.
Выбор основного перевода