Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8
Параллельные места
Söýgülim maňa şeýle diýdi: «Tur, dildarym, gözelim tur, ýör bile gideli. Eý, ýarym, giň sähra çykaly, gel; gel, oba gijelerine seýil edeli. Injir agajyndan sapak alyň: onuň şahalary ýumşap, ýaprak çykaran mahaly tomsuň golaýlandygyny bilýärsiňiz. Şonuň ýaly-da, bu zatlary göreniňizde, Ynsan Oglunyň golaý gelendigini, gapynyň agzyndadygyny biliň. Size dogrusyny aýdýaryn, bu zatlaryň ählisi bolýança, bu nesil dünýäden ötmez. Isa olara bir tymsal aýtdy: «Injire, ähli agaçlara serediň. Olaryň ýapraklandygyny görüp, tomsuň golaýlandygyny öz-özüňizden bilýärsiňiz. Şonuň ýaly hem, bu wakalaryň bolanyny göreniňizde, Hudaýyň Şalygynyň golaýlandygyny biliň.
Выбор основного перевода