Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8
Параллельные места
Atyr saçýan gülhana deý ýaňaklary, mür damdyrýan bägüle ogşaýandyr dodaklary. Ne gözel çarykly aýaklaryň, eý, asylzada gyzy! Butlaryň ökde zergäriň elinden çykan göwher mysaly. Ýurt ýas tutup, ruhdan düşýär, Liwan utançdan saralyp-solýar, Şaron Araba çöli kimindir; Başan we Karmel ýapraklaryny dökýär. Çöl-beýewan we gury ýer şatlanar, çöl guwanyp, nerkes kimin güllär. Gül-pürçük bolar ol, şatlykdan, guwançdan ýaňa nagma aýdar. Liwanyň gözelligi, Karmeliň, Şaronyň görki berler oňa. Olar Rebbiň şöhratyny, Hudaýymyzyň şan-şöhratyny görerler. Näme üçin egin-eşigiň aladasyny edýärsiňiz? Meýdandaky liliýalaryň nähili ösüşine serediň: olar ne zähmet çekýärler, ne-de ýüp egirýärler. Emma Men size diýýärin, hatda Süleýman hem özüniň bütin şan-şöhratynda bularyň hiç biri ýaly geýinmändi.
Выбор основного перевода